«Ak Pamyk» 1,4 müň tonna önüm öndürdi
Türkmenabat şäherindäki «Ak Pamyk» fabriginde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda hem pamyk önümleriniň 1 müň 417 tonnasy, pul hasabynda bolsa 3 million 803 müň 243 manatlygy öndürilip, ýarym ýyllyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.
Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde lukmançylyk pamygyny we gaýry maksatlar üçin ulanylýan pamyk serişlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Fabrigiň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde ýurdumyzyň ýüplük egriji fabrikleriniň nah galyndylary ulanylýar.
Işleriň sazlaşykly guralmagy bu önüme bolan islegiň doly kanagatlandyrylmagyny üpjün edýär.