TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly Lebap welaýatynda gurlan ýyladyşhanalar toplumyny açdy

Kaka etrabynda häzirki zaman ýyladyşhanalar toplumynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly birnäçe desgalaryň işe girizilmegine ak pata berdi. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan ýyladyşhanalar toplumy hem bar. Ol «Altyn bürgüt» hususy kärhanasyna degişlidir.
Ýyladyşhana toplumyny gurmak üçin jemi 21 gektar ýer bölegi bölünip berildi. Häzirki wagta çenli onuň 8,4 gektarynda 6 sany ýyladyşhana guruldy. 0,5 gektar meýdany beýleki binalar tutýar. Galan 12,1 gektar meýdanda ýene-de ýyladyşhanalaryň birnäçesini gurmak göz öňünde tutulýar.
Desgalar hususy kärhananyň öz serişdeleriniň hasabyna guruldy. Olar üçin gerekli enjamlar Türkiýeden, Gollandiýadan, Ysraýyldan, Italiýadan, Germaniýadan we Hytaýdan satyn alyndy. Bu ýerde bir ýylda 2 100 tonna pomidor hasylyny ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Hasylyň bir bölegi içerki bazarda ýerlener, beýlekisi daşary ýurtlara eksport ediler.
Ýyladyşhanalarda pomidoryň «Marwelans», «Profans» we «Suşi» sortlary ekildi.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply