Kerkiniň täze işe girizilen howa menziline ilkinji bolup «Boing-777-200LR» uçary düşdi
Kerkiniň şu gün işe girizilen howa menziline ilkinji bolup ýakynda satyn alnan täze «Boing-777-200LR» uçary düşdi we bu ýerden «Kerki — Türkmenabat» ugry boýunça ilkinji ýolagçy gatnawyny amala aşyrdy.
Bu türkmen awiakompaniýasynda ulanylýan şu kysymly uzak aralyklara uçýan dördünji uçardyr. Onuň «LR» ýazgysy türkmen dilinde «uly aralyk» diýlip terjime edilýän «Long Range» iňlis sözüniň gysgaça aňlatmasydyr.
«Boing-777-200LR» iki hereketlendirijili uçarlaryň arasynda iň uzak aralyga uçup bilýän uçardyr. Ol gonmazdan, 15 müň 843 kilometr aralygy geçip bilýär. Türkmenistana gelen uçar 291 ýolagça niýetlenen. Ol «Türkmenhowaýollary» agentliginiň düzümine goşulan uçarlaryň 32-njisidir. Häzir agentligiň ygtyýaryna «Boingiň» 737, 757 we 777 kysymlary bar. Täze uçar Türkmenistanyň Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna, hatda ondan daşarlara hem halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrmaga bolan mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam eder.