MEDENIÝET

AÝDYM-SAZLY BITARAPLYK MEKANYM.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2020-nji ýyl “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilmegi çuňňur many-mazmuny özünde jemleýär. Çünki Watanymyzyň Bitaraplygy barada söz açanyňda ilki bilen parahatlyk, dostluk-doganlyk, agzybirlik düşünjeleri aklyňa gelýar. Türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan şöhratly seneleriniziň biri bu biziň Bitaraplygymyzyň günüdir. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda Dünýa

halklaryna dostluk goluny uzadýan döwletimizde baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy toýlanýan 2020-nji ýylyň her bir güni aýdym-saza beslenýär. Şahandaz halkymyzyň joşgunly ýüreklerinden syzylyp çykýan buýsançly owazlar Bitarap Watanymyzyň gujagynda il-ýurt üçin edilýän aladalara alkyşnama bolup dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly dabaraly çäre uly şowhun bilen geçirildi.

Onda sungat mekdebiniň “Owaz” a’kapella topary, hor we orkestr toparlary Bitaraplygyň mekany bolan gözel Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzda beýik ösüşlerimizimizi wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Dostlugyň we ynsanperwerligiň baýramy bolan Bitaraplyk baýramy mynasybetli geçirilen konsertde uly joşgun bilen ýerine ýetirilen daşary ýurt aýdymlar çemeni hem ýerlikli we diýseň täsirli bolup, döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen medeni-dostlukly gatnaşyklaryna möhüm orun berilýändigine aýdyň şaýatlyk etdi. “Ýaňlan Diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijileri

Rozymamedow Magtymgulynyň we Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary bolsa Garaşsyz hem Baky Bitarap ýurdumyzda bize asuda, parahat durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza külli türkmen halkynyň adyndan “Alkyşnama” bolup ýaňlandy.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy
Çaryýewa Mähri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply