JEMGYÝET

Lebaply ýaş nakgaşlar «Reňklere siňen gözellik» atly bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp boldular

Aşgabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň ýörite çeperçilik we sungat mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Reňklere siňen gözellik» atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige 500-den gowrak iş hödürlenildi.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan bäsleşikde Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň käbirleriniň işine ýokary baha berildi. Onda şu mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Aýnur Çaryýewa «Enelerimize sarpa» atly işi bilen birinji orna mynasyp boldy. Şeýle-de, mekdebiň talyplary Bibijan Emirkulyýewanyň, Enejan Zakirowanyň hem-de Seýitmyrat Döwranowyň işleri bäsleşigiň öňdäki orunlaryna mynasyp boldy. Bibijanyň «Hüwdüsi enäniň gämisi» atly heýkeline ikinji orny mynasyp gördüler. Mekdebiň 1-nji ýyl talyby Enejan Zakirowanyň «Ene dogasy» atly eseri bolsa bäsleşikde üçünji orna eýe boldy. Seýitmyrat Döwranow hem bäsleşikde «Halyçy zenan» atly çeper eseri bilen üçünji orny eýelemegi başardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: