SPORT WE SYÝAHAT

Lebap küştçüler döwlet ýaryşynyň ýeňijileri boldular

Aşgabat şäherinde 20 ýaşa çenli küştçüleriň arasynda geçirilen Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Onda Lebap welaýatynyň küştçüleriniň bäşisi öňdäki orunlaryň 8-sine mynasyp boldular.

Küştüň üç görnüşi boýunça (rapid, nusgawy we blis) geçirilen çempionatda Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Lala Şöhradowanyň gyzlaryň arasynda ähli görnüşlerde-de ýurduň çempiony bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Güýçli bäsdeşleriniň örän kändigine garamazdan, Lala hemmelerden kän utuk toplamagyň we ozalky çempionlyklarynyň üstüni täzeleri bilen ýetirmegiň hötdesinden geldi.

Şeýle hem gyzlaryň arasynda geçirilen rapid ýaryşynda Gülmira Seýilhanowa bilen nusgawy ýaryşda Jahan Rejebowa üçünji, blis ýaryşynda Lalanyň dogany Leýla Şöhradowa ikinji orna mynasyp boldy.

Oglanlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa Ilhan Çaryýew rapid we blis görnüşleri boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

Mundan ozal 7 ― 17 ýaş aralygyndaky türgenleriň arasynda geçirilen ýaryşda hem welaýatyň küştçüleriniň toparlaýyn birinji orna mynasyp bolandygyny habar beripdik. Şu günler bolsa paýtagtdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde 8, 10 we 12 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky milli birinjilik geçirilýär. Şu gün başlanyp, 3-nji fewralda tamamlanjak birinjilige Lebap welaýatynyň zehinli küştçüleri hem gatnaşýarlar. 4 ― 10-njy fewral aralygynda bolsa 14, 16 we 18 ýaşa çenli türgenler ýurduň çempiony bolmak üçin göreşerler.

Şeýle hem Türkmenistanyň küşt federasiýasy 18 ― 26-njy fewral aralygynda erkekleriň (Aşgabat şäherinde), 11 ― 17-nji fewral aralygynda zenanlaryň (Daşoguz şäherinde) arasynda birinji liganyň ýaryşlaryny geçirmegi meýilleşdirýär. 3 ― 17-nji mart aralygynda bolsa ýokary liganyň wekilleriniň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçiriler.

Milli birinjiliklerdir çempionatlarda gazanylan üstünlikler küştçülere üstümizdäki ýylda halkara ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: