SPORT WE SYÝAHAT

Ançelotti kanadaly futbolçynyň yşkynda

«Bawariýa» toparynyň goragçysy Alfonso Dewis indiki ýyl «Reala» geçmegi mümkin. AS-yň habar bermegine görä, Madrid toparynyň baş tälimçisi Karlo Ançelotti bu futbolçyny halaýar.

Bellenmegine görä, kanadaly futbolçy ispan klubynyň gyzyklanmasyndan habarly, ýöne häzir bar ünsüni möwsümi üstünlikli geçirmäge gönükdirdi.

Germaniýanyň çempionatynyň 2023-2024-nji ýylky möwsüminde Dewis alty oýunda oýnap, üç pökgini geçirdi.  Onuň Mýunhen şäheriniň  kluby bilen baglaşan şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: