TDMI edebi-döredijilik bäsleşigini yglan etdi
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň we mekdep okuwçylarynyň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy: döwrebap hünärmenleri taýýarlamakda okuw we hünär tejribeliginiň orny» atly edebi-döredijilik işleriniň bäsleşigi hem-de taslama işleriniň sergisi geçiriler.
Tassyklanylan düzgünnama laýyklykda bäsleşigi we sergini 12-nji martda baýry ýokary okuw mekdebimiziň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa talyplardyr mekdep okuwçylary 15-nji fewrala çenli öz döreden hekaýalary, goşgulary, oýlanmalary edebi-döredijilik, okuw taslamalary bilen gatnaşyp bilerler. Dürli maketlerden, animasiýalardan, programmalardan we prezentasiýalardan ybarat boljak taslama işleriniň täze zehinleri ýüze çykarjakdygyna ynam bildirilýär.