JEMGYÝET

Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary bilimlerini kämilleşdirdiler

Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary «Horeografiýa sungaty boýunça okatmagyň usulyýeti» atly okuw-amaly maslahatyna gatnaşdylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi tarapyndan guraldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda sazçylyk we sungat mekdepleriniň horeografiýa sungaty boýunça sapak berýän mugallymlary çykyş etdiler. Göreldeli sapaklar bolsa okuw-usuly maslahatyna gatnaşyjylaryň özara pikir alyşmagyna goşmaça şert döretdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: