JEMGYÝET

Türkmenabatdan Moskwa ýörite uçuş guraldy

25-nji awgustda Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine ýörite uçuş amala aşyryldy. Dostlukly döwletiň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan bu uçuş bilen Russiýanyň raýatlarynyň 156-sy Watanyna ugradyldy.
Ilçihana bu uçuşy «S7» awiakompaniýasynyň uçary bilen gurnady. Kompaniýanyň 8356-njy gatnawy bilen amala aşyrylan bu uçuş barada ilçihananyň resmi saýtynda ozaldan habar berlipdi.
Şeýlelikde, 20-nji awgusta çenli ýüz tutan 156 sany russiýaly ýolagçy bu gatnawyň hyzmatyndan peýdalanyp bildi. Olar Aşgabat — Türkmenabat aralygyny «Türkmenhowaýollarynyň» uçary bilen geçdiler.
Şeýle çäreleri Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň hem geçirýändigini ýatladýarys. Belarusdan we Hindistandan türkmen raýatlarynyň ýörite uçarlarda getirilipdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply