Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylary Babanyýaz Emirowa we Babamyrat Şaýkulowa ýeňillikli karz serişdeleri bölünip berildi.

«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň Garlyk şäherçe şahamçasynyň beren pullaryny telekeçiler tohum mallary satyn almak üçin harçladylar. Telekeçiler ozaldan hem gissar garaköl genotipli dowarlary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Haryt-önüm ugurly mallaryň idedilip başlanmagy ýurduň özünde öndürilýän azyk önümleriniň mukdarynyň artdyrylmagy üçin peýdalydyr. Telekeçileriň bellemeklerine görä, üç aýlyk guzularyň agramy 25-30 kilograma, ene goýunlaryň agramy 75 kilograma, goçlaryňky bolsa 80-90 kilogram çenli ýetýär. Olar bankyň tohum mallary edinmek üçin beren karz serişdeleriniň uly goldaw bolandygyny belleýärler we ýurtda maldarçylyk önümleriniň öndürilişine mynasyp goşant goşjakdyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Kararyna laýyklykda, banklar tarapyndan telekeçilere, hususy kärhanalara, önüm öndüriji daýhan hojalyklaryna we kärendeçilere uzak möhletli, 5 göterimli ýeňillikli karzlar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: