Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Boston uniwersitetiniň alymlary «Signify» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda koronowirus infeksiýasyny 25 sekuntda ýok etmegiň tärini tapdy.
Aýdylyşyna görä, ýörite lampalar arkaly goýberilýän ultramelewşe şöhleler wirusyň ukyplylygyny ep-esli peseldýär. Munuň üçin alymlar wirus arkaly zeper ýeten materiala dürli möçberdäki şöhleleri goýberip gördüler. 5 megajoullyk ölçegde goýberilen şöhle 1 inedördül metrlik meýdandaky wirusy 99 göterim ýok etdi. Şöhläniň güýji 22 megajoula ýetende bolsa ähli wiruslar bary-ýogy 25 sekundyň içinde ýitip, ýok boldy.
Bu oýlap tapyşyň koronowirusa garşy göreşde uly ädim bolmagy mümkin.
Koronowirusy 25 sekuntda ýok etmegiň ýoly tapyldy
