DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Tomas Bah: «Sport ýaşaýyşy halas eder»

Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Tomas Bah BMG-niň we BSGG-nyň ýolbaşçylary bilen COVID-19 pandemiýasy bilen bagly onlaýn duşuşyk geçirdi. Bu duşuşygyň esasy maksady öňde duran iri sport wakalarynyň geljegi boldy.
Duşuşykda Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy ynsanyýeti häzirki çylşyrymly ýagdaýdan alyp çykmakda sportuň ähmiýetine ünsi çekdi:
― Sport ýaşaýyşymyzy halas edip biler. Öňümizdäki aýlarda ynsan saglygy bilen bagly ýagdaýlaryň has-da durnuklaşmagy üçin sporta uly orun bermeli. Belki-de käbir iri ýaryşlary geçirmeli. Bu barada BMG-niň, BSGG-niň we HOK-nyň bilelikde iş alyp barmagy ilkinji zerurlykdyr. Şeýlelikde, bu iri üç gurama birleşip, adamzada sagdyn geljegi buşlap biler.
Öz gezeginde BSGG-niň ýolbaşçysy hem Tomas Bahyň aýdanlaryny goldady. Ol koronowirus pandemiýasyna garşy göreşde türgenleriň, esasan-da, olimpiýaçylaryň oňat görelde görkezýändigine ünsi çekip, şolaryň üsti bilen Ýer ýüzünde pandemiýa garşy göreşi has ýitileşdirip boljakdygyny aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: