SPORT WE SYÝAHAT

Kikboks boýunça Lebap welaýatynyň açyk çempionatynda türkmenabatly türgenler ynamly ýeňiş gazandylar

Kikboks boýunça geçirlen Lebap welaýatynyň açyk çempionatynda Türkmenabat şäheriniň türgenleri iň ýokary netije görkezdiler.

Türkmenabat şäheriniň 6-njy sport mekdebinde geçirilen ýaryşa welaýat merkezinden 3 topar, Çärjew we Dänew etraplaryndan, şonuň ýaly-da Balkan we Daşoguz welaýatlaryndan toparlar gatnaşdylar. Çempion diýen ady almak ugrunda 167 kikboksçy göreşdi. Olaryň 152-si oglanlardyr we 15-si gyzlardyr.

Bäş günläp dowam eden ýaryşda türkmenabatly türgenler mümkin bolan 42 birinji orundan 36-syny, 41 ikinji ornuň 33-sini, 50 üçünji orundan 38-sini eýeläp, toparlaýyn hasapda baýrakly orunlaryň ählisini eýelediler. 6-njy sport mekdebinde tälim alýan türgenlerden düzülen «Türkmenabat — 1» topary iň köp ýeňiş gazanyp birinji orna mynasyp boldy. «Türkmenabat — 2» (9-njy sport mekdebi) we «Türkmenabat — 3» (3-nji sport mekdebi) toparlary bolsa degişlilikde ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular.

Balkan welaýatynyň topary bolsa 3 sany birinji 1 sany ikinji we şonça üçünji orun bilen dördünji orny eýelediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: