BIZE YAZYARLAR

Akyl akyldan nusga alar

Günorta Afrikan Respublikasynda meşhur professor Kristian Bernardyň adyny eşitmedik az-azdyr. Ol adamyň ýüregini çalyşmakda jahana şöhrady dolan hirurg. Günorta Afrika Respublikasynyň dürli şäherlerinde ylmy-populýar nutuklar bilen köp çykyş eder eken, onuň geçýän umumy okuwlarynyň mähellesi mydama ýetik bolupdyr. Onuň bir sürüjisi akylly-başly, düşünjesi gowy adam eken. Ol professoryň her bir sapaklaryna gatnaşyp, üns bilen diňleýärmiş. Şeýde-şeýde ol professoryň çykyşlaryny ýatdan diýen ýaly bilipdir. Professor hem sürüjisiniň şeýledigini bilýän eken. Bir gezek ol sürüjisine öz deregine nutuk okamagy tabşyrýar. Özem sürüjiniň geýminde zalda oturýar.

Sürüji nutuk başlaýar, zalda oturan diňleýjiler yhlas bilen diňleýärler, birnäçe gezek el çarpyşýarlar. Çykyşdan soň zalda oturan adamlar sorag baryny ýagdyryp başlaýar. Olaryň arasynda lukmanlaram, alymlaram bar; umuman, tebigat bilimleri bilen gyzyklanýanlar oňa her hili sorag berýär, sürüji soraglary şänik döwen ýaly edýär, emma köpüň içinde her hili adam bar, her hili sorag berýän bar. Iň soňunda oňa bir kişi çakyňdan çylşyrymly sorag berýär. Sürüji ol soragyň jogabyny bilmeýän eken, emma ol sähelçe-de aljyraman:

— Bagyşlaň, siziň şol sowalyňyza meniň sürüjim jogap beräýsin, men gaty ýadadym — diýen.

 Kristian Bernard öňe çykyp, ýaňky çylşyrymly soraga giňişleýin jogap berýär weli, zalda oturan mähelle «sürüjiniň» ylymdarlygyna haýran galyp, el çarpýarlar.

Almahan Hamraýewa,

Çärjew etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: