YKDYSADYÝET

«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda bol hasyl ýetişdirildi

Öz işini Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda alyp barýan «Tebigy ekin» daýhan hojalygy şu ýyl 2135 tonna ýeralma aldy. Şonça hasyl 260 gektar meýdandan ýygnaldy. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty habar berýär.

Şeýle hem, daýhan hojalygynda şu ýyl 200 gektar ýere ekilen käşirden 800, 50 gektar meýdana ýaýran kelemden 275, 30 gektar sarymsakdan 22, 26 gektar kädidir gawun-garpyzdan 1250 tonna hasyl ýygnaldy. Geçen tomusda 5 gektar ýere ekilen şugundyr hem hasyla durmaga ýakyn. Ondan 15 tonna hasyla garaşylýar. Geljek ýyl daýhan hojalygynyň 25 gektara ýaýran alma, armyt, ülje, erik, şetdaly bagy hem ilkinji hasylyny eçiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: