JEMGYÝET

Kerkide ýaşlar guramasy Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli kabul edişlik gurady

Lebap welaýatynyň Kerki etrap medeniýet merkezinde Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli kabul edişlik boldy. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşi etrap medeniýet bölümi bilen billikde gurady.

Oňa ýaşlar guramasy bilen işjeň aragatnaşyk saklaýan, ösüp gelýän nesli Watançylyk we milli ruhda terbielemäge mynasyp goşant goşan ýaşulular, kümüş saçly eneler, ilkinji ýaşlar guramalarynyň işjeňleri, Kerki etrap häkimliginiň tehniki okuw mekdebiniň talyplary çagyryldy. Çäräniň dowamyna ýaşulularyň jemgyýetde tutýan orny, olara goýulýan hormat barada giňişleýin gürrüň edildi. Etrap medeniýet bölüminiň sungat işgärleri bolsa ýörite konsert programmasy bilen çykyş etdiler.

Ýaşululara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: