Turkmenistan: Sahnada — diňe wäşiler

Jul 4, 2020

Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda wäşileriň bäsleşiginiň welaýat boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.
Welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda geçirilen bäsleşige etraplaryň we şäherleriň medeniýet bölümleriniň ýaş işgärleri gatnaşdylar. Olar degişme häsiýetli aýdymlary, goşgulary, tanslary, öýkünmeleri, sazly hereketleri, pantonimolary we etýudlary ýerine ýetirdiler. Bäsleşik ýerlerde zehinli ýaşlaryň kändigini görkezdi. Olaryň çykyşlary mazmun taýdan baýdygy, teatr sungatynyň kadalaryna laýyk gelýändigi, ýüreklerde şadyýanlygy oýarýandygy, tomaşaçylaryň ruhy isleglerini kanagatlandyrýandygy bilen tapawutlandy.
Halaç etrabynyň Garabekewül şäher medeniýet bölüminden Aýnabat Durdyýewa, Saýat etrabynyň medeniýet bölüminden Oguljan Ýazmyradowa bilen Agamämmet Rozymämmedow, Dänew etrabynyň Isbaz oba medeniýet öýünden Faruh Zakirow dagylar bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Поделиться ссылкой: