BILIM

Kerki etrabynyň bilim ulgamynda 40-a golaý ýaş hünärmen işe başlady

Kerki etrabynyň bilim edaralarynda ýaş hünärmenleriň 40-a golaýy işe balady. Olaryň ählisi Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlaryny tamamladylar we mugallym diýen hünäri ele aldylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde bu ýaş hünärmenler bilen halypa mugallymlaryň duşuşygyny gurady. Olar Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan işler, ösüp gelýän nesli bilimli edip terbiýelemekde ýaş hünärmenleriň öňlerinde durýan jogapkärli wezipeler barada gürrüň berdiler. Şonuň ýaly-da, halypa mugallymlar ýaş kärdeşlerine usuly maslahatlary we işe girişmäge ak pata berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: