JEMGYÝET

Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirdi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesinde tamamlanyp barýan 2023-nji ýyly üstünlikli jemlemek we ýetip gelýän Täze ýyly mynasyp garşylamak maksady bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatdaky edara-kärhanalaryň öňdebaryjy we baýry işgärleri, birleşmäniň ilkinji guramalarynyň başlyklary hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar. 

Maslahatyň barşynda üstümizdäki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda durmuşa geçirilen beýik özgertmeler, welaýatymyzyň iri önümçilik kärhanalarynda gazanylan üstünlikler dogrusynda söhbet edildi. Şeýle hem geljek ýylda amala aşyrylmaly işler, ilkinji guramalaryň öňünde durýan wezipeler barada birin-birin durlup geçildi. Çykyşlarda döwlet Baştutanynyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly ýörelgesinden ugur alnyp, ildeşlerimiziň il-ýurt bähbitli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmaklaryny gazanmak, arassa, halal zähmete ruhlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns çekildi. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: