JEMGYÝET

«Farap» şypahasynda kitap sergisi guraldy

«Farap» şypahasynda milli däp-dessurlary wagyz etmäge bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşmesiniň etrap bölüminiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guran çäresine bu ýerde saglygyny dikeldip, dynç alyp ýören adamlar gatnaşdylar.

Onda asyrlaryň dowamynda döredilen, kämilleşdirilen we biziň günlerimize çenli saklanyp galan däp-dessurlar, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Şunuň bilen baglylykda maşgala mukaddeslikleri, maşgala agzalarynyň gatnaşyklarynda birek-birege hormat goýmak ýaly meseleleriň üstünde hem durlup geçildi. Ösüp gelýän ýaş nesli milli däp-dessurlaryň esasynda terbiýelemek, olary edepli-ekramly bolup ýetişmekerini gazanmak barada hem pikir alşyldy.

Çärä gatnaşyjylar etrap merkezi kitaphanasynyň «Il saglygy — ýurt baýlygy» atly guran kitap sergisine hem tomaşa etdiler. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ynsan saglygy we ony goramaga bagyşlap ýazan kitaplary goýlupdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: