DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Saturnyň hemrasynda umman tapyldy

Alymlar Saturnyň hemrasy- Mimasyň buzly gabygynyň aşagynda bir ummanyň bardygyny anykladylar. Kosmos ülňülerine görä, ol örän ýaş we 5-15 million ýyl ozal şekillenipdir.

Bu barada Pariž obserwatoriýasynyň alymlary habar berdiler.

Alymlaryň pikiriçe, ummanyň bolmagy Mimasyň içinde güýçli gyzgynlyk çeşmesiniň bardygyny görkezýär. Diňe şu zat buzy suwa öwürip bilýändir.

Suwuk ýagdaýdaky suw tebigy hemranyň umumy göwrüminiň ýarysyndan gowragyny emele getirýär.

Mimas 1789-njy ýylda iňlis astronomy Uiliam Gerşel tarapyndan tapyldy- diýip, korrespondent.net habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: