Wirjini ştatynyň Kalpeper şäheriniň ýaşaýjysy Monika Kriwaro aprel aýynyň soňunda işi düşen jorasyny barmaly ýerine alyp gitdi. Oňa garaşyp durka, wagtyny geçirmek üçin Raerswilldäki dükana girdi.
Ol «Cash King» skretç-lotereýa (netijesini ýerinde görüp bolýar) satyn aldy we 250 müň dollar utdy. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Monika bu utuşynyň özi üçin garaşylmadyk sowgat bolandygyny aýtdy. Ol 18-nji maýda utuşyň çegini aldy, ýöne uly nämä harç etjekdigini enten bilmeýär.
Wirjininiň ýaşaýjysy jorasyna garaşyp duran wagty pul utdy
21
May

