DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaý Tibet tekizliginde iň uly teleskop gurar

Hytaýly hünärmenler Tibet tekizliginiň çäkleriniň birinde äpet teleskopyň indiki neslini gurmak üçin ýeri ýüze çykardylar, diýip «nat-geo.ru» ýazýar.

Ähli talaplara laýyk gelýän ýer Hytaýyň Sinhaý welaýatynyň Lenhu şäherinden uzak bolmadyk Saýşiteng (Saishiteng) dagynyň depesinde ýerleşýär.Teleskopyň deňiz derejesinden 4200-den 4500 beýiklikde ýerleşdirilmegi mümkin.

Amatly ýeriň gözlegi üç ýylyň dowamynda alnyp baryldy. Hytaý özünde şeýle teleskopyň bolmagyny isleýändigini bireýýäm yglan edipdi. Teleskopyň dünýäde iň uly — 30 metre barabar aperturasy (optiki enjamyň ýagtylygy ýygnap we şekiliň detallarynyň bulaşyk bolmagyna garşy durup bilýän häsiýeti) bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: