SYÝASAT

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawçylar bilen duşuşdy

Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasyny beýan etdi. Onuň özenini döwletimizi mundan beýläk-de ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, munuň üçin giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek, ylmyň iň soňky gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň düzýändigini belledi.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär duşuşygyň dowamynda saýlawçylaryň sowallaryna jogap berdi.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: