JEMGYÝET

«Iň göreldeli terbiýeçi-usulçy» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

 Lebap Welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 51-nji «Joşgun» çagalar bagynda «Iň göreldeli terbiýeçi-usulçy» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Bäsleşigiň şertlerine görä, oňa gatnaşyjylar çagalar baglarynda usuly işleri ýola goýmaklygyň aýratynlyklary, terbiýeçiler bilen işlemekligiň täzeçe usullary, körpeler bilen ýaş aýratynlyklaryna görä dürli oýunlary guramaklygyň işjeň usullary bilen baglanyşykly geçirilen çäreleriň wideoýazgylaryny görkezdiler. Şonup ýaly-da, terbiýeçi-usulçylar çagalar bagynda körpeler bilen gyzykly çäreleri geçirmekde, usuly-terbiýeçilik işleri boýunça sowallara jogap bermekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede Dänew etrabyndaky 23-nji çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi Gülaýym Myhmanowa baş baýraga mynasyp boldy.

Bäsleşikde baş baýragy we birinji, ikinji, üçünji orunlary eýelän usulçy-terbiýeçilere welaýat baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: