Serhet goşunynyň iň gowy aşpezi we çörek bişirijisi anyklanyldy  

Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümleriniň aşpezleriniň, çörek bişirijileriniň hünär ussatlyklarynyň ýokarlanmagyny gazanmak maksady bilen «Serhet goşunlarynyň iň ökde aşpezi, çörek bişirijisi» atly bäsleşik geçirildi. Ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlandy.

Bäsleşige gatnaşyjylar öz taýýarlanan naharlarydyr, işdäaçarlaryna, çörek önümlerine görä emin agzalary tarapyndan bahalandyryldy. Eminleriň gelen netijelerine görä, aşpezleriň we çörek bişirijileriň arasynda aýry-aýrylykda ýeňijiler kesgitlenildi. Bäsleşigiň ahyrynda baýrakly orunlara mynasyp bolanlaryň ählisine  Hormat hatlarydyr sowgatlar gowşuryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector