SPORT WE SYÝAHAT

Döwletjan Ýagşymyradow «Bellatorda» braziliýaly garşydaşyny ýeňdi

Türkmenistanly garyşyk söweş sungatynyň ussat türgeni Döwletjan Ýagşymyradow şu gün «Bellator» sport guramasyna goşulandan soň ilkinji ýeňşini gazandy. «Bellator 277» ýaryşynda Ýagşymyradow ikinji döwünde tehniki nokaut bilen braziliýaly Rafael Karwalýony ýeňmegi başardy. Bu barada «turkmenportal.com» ýazýar.

Ýagşymyradow 2021-nji ýylda Bellatorda iki duşuşykda yzly-yzyna ýeňlişe sezewar bolandygyny bellemek gerek.

32 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda «Bellator» sport guramasy bilen şertnama baglaşdy. Türgen Türkmenistandan «Bellatorda» çykyş edýän ilkinji söweşijidir. Onuň häzirki wagta çenli 19 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deň geçiren tutluşyklary bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: