Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy

Aug 9, 2021

Türkmenabatdaky S.A.Nyýzzow adyndaky himiýa zawodynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň geçiren çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we kärhananyň hünärmenleri gatnaşdylar. Onda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk derejesiniň ähmiýeti, soňky ýyllarynda ýetilen sepgitler barada giňişleýin durup geçdiler. Welaýatyň çäginde täze senagat kärhanalarynyň gurlandygyny, şäherçeleriň emele gelendigini we ýene-de dördüsiniň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny, demir ýollaryň ýüzlerçe kilometriniň çekilendigini, Amyderýanyň üstünde demir ýol we awtomobil köprüleriniň gurlandygyny bellediler. Saglygy goraýyş, bilim we medeni-durmuş ulgamyndaky özgertmeler barada hem giňişleýin gürrüň etdiler. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygider ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň üstünde hem durup geçdiler.

Adblock
detector