DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýer şarynyň agramy indi 6 ronnagrama barabar boldy

Alymlar dünýäde iň uly ölçegleri aňladýan täze ronnagram we kwettametr prefiksler boýunça ses berdiler. Soňky gezek täze prefiksler 30 ýyl mundan ozal resmi ýagdaýda metriki ulgama ulanylyşa girizilipdi. Bu düşünjeler örän uly mukdarlary aňlatmakda ýeňillik döredýär. Meselem: Ýupiteriň agramy takmynan 2 kwettagramma (2-den soň 30 sany 0), Ýer şarynyň agramy bolsa 6 ronnagramma (6-dan soň 27 sany 0) deňdir. Mundan öň saýýaramyzyň agramy 5 974 septillion kilogram, ýagny 5974-den soň 24 sany 0 bilen belgilenerdi. Bu hasaplamalarda Ýeriň agyrlyk güýjüniň ölçegine esaslanylýardy. Emma täze hasaplamalarda alymlar Älemiň hiç tutdurmaýan bölejikleriniň ölçeginden ugur aldylar. Şonuň ýaly-da ylmy derňewlerde Ýer şarynyň ýadrosynyň agramynyň saýýaranyň umumy agramynyň 45%-ne, ýa-da 2,72 ronnagrama deňdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: