Norwegiýanyň deputaty Marius Nilsen söz erkinligini goramak ugrundaky işleri üçin, Ilon Masky Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna hödürledi. Bu barada “Daily Mail” habar berdi.
Nilsen şol bir wagtyň özünde: “Maskyň esaslandyran, eýeçilik eden ýa-da ýolbaşçylyk eden tehnologiýa kompaniýalarynyň köpüsi jemgyýeti gowulaşdyrmaga, Ýer we kosmos baradaky bilimleri giňeltmäge we global we özara arabaglanyşygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Olar dünýäni has-da üznüksiz birikdirip, ygtybarly ýere öwürmäge kömek etdi “-diýdi.
Mart aýynda Nobel komiteti teklip edilýän dalaşgärleriň hemmesini gözden geçirýär we gysga sanawy tassyklaýar. Dalaşgärleriň arasynda iňlis ekology Dewid Attenboro, awstraliýaly işjeň Julian Assanj, Rim papasy Fransisk, BMG-nyň başlygy Antonio Guterriş, palestinaly žurnalist Hind Hudari, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Kolumbiýanyň prezidenti Gustawo Petro we ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp bar.