Welaýat muzeýindäki sergi Halkara zenanlar gününe bagyşlandy
Halkara zenanlar güni mynasybetli Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Zenan — gözelligiň nusgasy» atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy boldy. Oňa welaýatyň halyçylary, suratkeşleri, zergärleri, senetçileri we sungat ussatlary özleriniň döredijilik eserleri bilen gatnaşdylar.
Serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň el işleriniň nusgalaryna aýratyn orun berildi. Giň gerimli sergide welaýatyň etrap-şäherlerindäki sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň we çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň gurnak agzalarynyň el işleri hem görkezildi.
Haly, keçe, kilim önümleri bilen bezelen sergi türkmen gelin-gyzlarynyň ussatlygynyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Şeýle-de sergide ýerleşdirilen surat eserlerinde, diwarlyklarda, senetçilik önümlerinde milliligimiz öz beýanyny tapdy.
Dabaranyň dowamynda welaýatyň suratkeşleri we halyçy gelin-gyzlar halypa-şägirtlik ýoly esasynda ussatlyk sapaklaryny hem görkezdiler.