JEMGYÝET

Hünär baýramy mynasybetli nebitgazçylara sylaglar gowşuryldy

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesi Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göreldeli işgärlerini sylaglady.

Olaryň arasynda haryt-çig mal bölüminiň maşinisti Şukurbaý Ýaraşow, suw üpjünçilik we lagym bölüminiň operatory Rozymyrat Ahmedow, bug gaz howa üpjünçilik bölüminiň maşinisti Durdykuly Suleýmanow we beýlekiler bar.

Şeýle sylaglamak dabarasy «Türkmengündogarnebitgurluşyk» gurluşyk-gurnama trestinde hem geçirildi. Baýramçylyk sowgatlaryna binagärleriň 20-si mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: