Nebit-gaz gazetiniň Lebap welaýaty boýunça habarçysy Mämmetgylyç Kütiýew bu neşiriň yglan eden döredijilik bäsleşiginde ikinji baýrakly orna mynasyp boldy. Bu barada « turkmenportal.com » habar berýär. Welaýat habarçy iki ugur boýunça geçirilen bu bäsleşigiň «Nebitgaz – baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» ugry boýunça ýeňiji boldy.
Şeýle hem bäsleşigiň «Türkmenistan – parahat ösüşleriň mekany, dünýä dolsun ynanyşmaklyk mukamy» ugry boýunça-da ýeňijiler yglan edildi.
Ýeňijileriň ählisine guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat baha sowgatlar gowşuryldy.