JEMGYÝET

Amerikaly zenan agajyň köweginde kitaphana gurdy

Amerikanyň Aýdaho ştatynyň ýaşaýjysy Şaraha Gowardyň howlusynda gurap barýan agaç bardy. Garry deregiň oturdylanyna ýüz ýyl töweregi geçipdi we özeni çüýräp başlapdy. Ony kesip aýyrmalydy. Ýöne Goward ondan gowy çözgüt tapdy.

Ol agajyň içinde kitaphana gurady. Agajyň ýokarky şahalaryny bolsa howpzuslygy üpjün etmek üçin kesip aýyrmaly boldy.

Goward agajyň aşagyny tekizledi, tekje goýdy we elektrik toguny geçirdi.

Kitaphana islän adam gelip bilýär, özi hem kitaplar mugt berilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýere adamlar hususy kitaplaryny hem getirip bilýärler. Bu barada «rambler.ru» ýazýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: