SPORT WE SYÝAHAT

Hojambazly kuraşçylar dünýäniň wise-çempionynyň elinde türgenleşýärler

Hojambaz etrabyndaky 2-nji sport mekdebinde çagalara kuraş boýunça halkara derejeli sport ussady Nurýagdy Jepbarow tälim berýär. Ol dünýäniň hem wise-çempionydyr.

Çagalykdan ussat halypalaryň elinde taplanan tälimçiniň 73 kilogram agram derejesinde 7 gezek Türkmenistanyň çempiony boldy. Ol ilkinji gezek kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatyna 2015-nji ýylda gatnaşypdy. Ussat pälwanymyz Eýran Yslam Respublikasynda geçirilen şol dünýä ýaryşyndan ümüş medal bilen dolandy. Şeýle hem ol 2016-njy ýylda Wýetnamda geçirilen V Aziýa kenarýaka oýunlarynda we şol ýyl geçirilen Aziýa çempionatynda kümüş medallara mynasyp boldy.

Nurýagdýy Jepbarow 2021-nji ýyldan bäri kuraş boýunça ýaşlaryň otuza golaýyna tälim berýär. Ondan göreşiň inçe tilsimlerini öwrenýän ýaş oglanlar eýýäm welaýat ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip ugradylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: