YKDYSADYÝET

Ýene 600 hojalykda tebigy gaz ýanyp başlady

Şu ýylyň geçen döwründe Lebap welaýaty boýunça Oba milli maksatnamasynyň çäginde gaz geçirijileriň 22,3 kilometre golaýy çekildi. Şu maksat üçin döwletiň düýpli maýa goýumlarynyň 11,4 million manady özleşdirildi. Bu möhüm işleri täze peýda bolan ilatly ýerleri gazlaşdyrmak maksady bilen geçirildi.

Şeýle tagallalaryň netijesinde welaýatymyz boýunça hususy hojalyklaryň ýene-de 600-e golaýynyň öýlerinde «mawy ýangyç» alawlap başlady.

Tutuş welaýat boýunça häzirki wagtda tebigy gazdan hojalyklaryň 211731-si peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: