MEDENIÝET

Lebap welaýatynyň Kerki etrap merkezi kitaphanasynda ýaş şahyrlar bilen okyjylaryň duşuşygy geçirildi

Lebap welaýatynyň Kerki etrap kitaphanasynda ýaş şahyrlaryň okyjylar bilen duşuşygy geçirildi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna» bagyşlanan çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi kitaphana bilen bilelikde gurady.

Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň şeýle Karary kabul etmeginiň ähmiýeti, ýurtda alnyp barylýan ýaşlar baradaky syýasat, onuň ösüp gelýän nesliň öňünde açýan mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Soňra okyjylaryň öňünde döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan ýaş şahyrlar çykyş etdiler we özleriniň ýazan goşgularyny okap berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: