Hindistanyň plýažynda çägeden Santa Klausyň şekilini ýasapdyrlar
Täze ýyl mynasybetli guralan täsinlikleriň birini Hindistanyň Odişe kenarynda hem görmek bolýar. Bu ýerde ýerli suratkeş tarapyndan çägeden äpet Santa Klausyň heýkeli ýasaldy.
«Mail.ru»-nyň habr bermegine görä, suratkeşe bu heýkeli ýasamak üçin 8 sagat wagt gerek bolupdyr. Bu äpet Santa Klausyň uzynlygy 50, ini bolsa 8,5 metre ýetýär. Santa Klausyň reňkli egin-eşigini bezemek üçin bolsa gyzyl bägülleriň 5400 sanysy we ak bägülleriň müň sanysy ulanylypdyr.