JEMGYÝET

4-nji fewraldan «Kerki ― Daşoguz» ugry boýunça uçar gatnawy dikeldiler

1-nji fewraldan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasy «Aşgabat ― Kerki ― Aşgabat» gatnawlarynyň rejesine üýtgeşmeleri girzidi.

Bu ugur boýunça uçuşlar, ozalkysy ýaly, hepdäniň duşenbe, çarşenbe, anna, şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylar. Ýöne ozalky rejenama boýunça uçuşlaryň ählisi Aşgabat şäherinden gündiz dagat 10:00-da amala aşyrylyp, uçara Kerkä 11:00-da gelen bolsa, indi şenbe günündäki uçuş ir sagat 09:50-de başlanyp, uçar günorta-gündogar şähere 10:50-de geler. Şol gün ol sagat 11:50-de Daşoguz şäherine sary ýola düşer. 1 sagat 10 minut uçjak uçar demirgazyk welaýatyň merkezi şäherine 13:00-da gonup, 14:00-da yzyna gaýdar we bir sagatdan soň ýene Kerkä dolanyp geler. Kerkiden Aşgabat şäherine 16:00-da uçar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: