JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de göçme sergi guraldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň medeniýet merkezinde Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Milli gymmatlyklarymyz halkyň genji-hazynasydyr» atly temada göçme sergi gurdy.

Onda el işleri, haly we senetçilik önümleri ýaly milli gymmatlyklar görkezildi. Şonuň ýaly-da, bu ýerde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň milli mirasy wasp edýän nakgaş eserleri hem goýuldy. Sergide goýlan eksponatlar türkmen halkynyň taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan gymmatlyklara barada giňişleýin düşünje berdi. Muzeýiň işgärleri talyplara sergide goýlan eksponatlaryň taryhy we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: