JEMGYÝET

«Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň konditer fabriginiň önümleriniň sanawy köpelýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň konditer fabriginde her aýda 800 tonnadan gowrak dürli önümler öndürilýär. Bu barada gazeti «Нейтральный Туркменистан» habar berýär.

Bir önümçilikde — «Altyn Ýunus» hususy kärhanasynyň konditer fabriginde kökeleriň, krekerleriň, batonjagazlaryň, içinde baýragy bolan şokolad ýumurtgalaryň we dürli huruşly waflileriň onlarça görnüşleri taýýarlanylýar.

«Altyn Ýunus» öz önümlerini «Melek», «Ýunus», «Tawus», «Ýürejik», «Well», «Topgam» we beýleki söwda nyşanlary bilen çykarýar. «Eggi» we «Bubu» atly içinde oýnawaç baýragy bolan bolan şokolad ýumurtgalar çagalaryň arasynda uly meşhurlyga eýe. Ýakynda kärhana Türkmenistanda ilkinji bolup diňe tagamlylygy bilen däl-de, peýdalylygy bilen tapawutlanýan multi däneli batonjagazlary çykaryp başlady.

«Altyn Ýunus» kärhanasynyň önümleriniň daşary ýurtlara ugradylýan mukdary  ýylyň ýylyna artýar. Olar Azerbaýjana, Owganystana, Täjigistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Yraga, Russiýa we Hytaýa eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: