BILIM

Halkara ýaşlar forumy geçirildi

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Howanyň üýtgemegi boýunça halkara ýaşlar forumy (LCOY-2023) geçirildi. Oňa institutymyzyň professor-mugallymlary bilen birlikde türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Beýik Britaniýanyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Halkara ýaşlar forumy üç tapgyrdan ybarat boldy. Birinji tapgyra gatnaşanlar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýerli, sebit we halkara derejesindäki alyp barýan işleri, Aral deňziniň durnuklylygyny saklamak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ekologik bilimlerini kämilleşdirmek hakynda birnäçe ylmy we usuly maglumatlary berdiler.

Birinji tapgyr öz işini tamamlandan soňra, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň hünärmenleri, durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan ýaş iliçiler we şeýle-de institutyň professor-mugallymlaryndan düzülen dört topar ikinji tapgyryň işine gatnaşdy. Olar durnukly ösüş makatlaryndan ugur alyp, dürli ýerli we sebit derejedäki birnäçe teklipleri taýýarladylar we öz tekliplerini üçünji tapgyrda çykyş etdiler.

Forumyň üçünji tapgyrynda durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrýan ýaş ilçiler «Geljegiň adamy, ol kim?” atly görkezme çykyşy gurnadylar. Şeýle hem atlyplaryň gozgalýan mesele babatdaky teklipleri öwrenildi.

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň ekologiki bilimlerini kämilleşdirmegi we durnukly ösüşiň ähli maksatlarynyň wezipelerini ýerli we sebit derejede amala aşyrmagy maksat edinen forum öz maksadyna doly ýetdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: