BILIM

Halajyň mekdeplerinde ders bäsleşiklerine taýýarlyk görülýär

Halaç etrabynyň orta mekdeplerinde zehinli okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama bäsleşiklerine taýýarlamak işleri güýçlendirilen tertipde alnyp barylýar. Bu barada welaýat gazeti habar berdi.

Etrabyň okuwçylary bu bäsleşikde geçen okuw ýylynda hem üstünlikli çykyş etdiler. Olar bäsleşigiň welaýat tapgyrynda öňdäki orunlaryň 13-sini eýeläp, şol okuwçylaryň dördüsi bäsleşigiň döwlet tapgyrynda hem öňdeligi eýelemegi başardylar.

Etrabyň ähli mekdeplerinde okuw we taýýarlyk işlerini guramaçylyk gurnamak üçin döwrebap mümkinçilikler bar. Şu okuw ýylynyň başynda bolsa etrapda ýene bir täze mekdep açylyp, ulanylmaga berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: