YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde geçen ýyl 130 ösüş depgini gazanyldy

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde 2022-nji ýylda nah pagta ýüplüginiň 8 müň 768 tonnasy öndürildi. Bu ýylyň dowamynda 166 million 302 müň manatlykdan artyk işiň edilendigini aňladýar. Netijede önümçiligiň ösüş depgini 130 göterime deň boldy.

Fabrikde nah ýüplükleriň 20-lik, 27-lik, 34-lik ýaly görnüşleri öndürilýär. Geçen ýylda taýýarlanylan önümleriň 7 müň 214 tonnasy Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine we daşarky bazarlara ugradyldy. Kärhananyň önümleri Birleşen Arap Emirliklerine we Türkiýä eksport edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: