JEMGYÝET

Gyzyl Ýarymaý Darganatada duşuşyk geçirdi

Darganata etrabynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň wekiliniň guramagynda bilim işgärleri bilen duşuşyk geçirildi. Ol ýokanç keselleriň öňüni almagyň meselelerine bagyşlandy. Oňa 1-nji, 2-nji, 3-nji, 4-nji, 5-nji, 7-nji, 13-nji we 14-nji orta mekdepleriň müdirleri we mugallymlary gatnaşdylar.

Onda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň çäginde amala aşyrylýan işler, olaryň berýän netijeleri barada giňişleýin gürrüň edildi. Ilatyň inçekesel, onuň öňüni almagyň ýollary baradaky habarlylygyny ýokarlandyrmagyň usullaryna hem ähli taraplaýyn seredildi. Şu mekdepleriň ýokary synp okuwçylary bilen geçirilen duşuşyklarda bolsa sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmegiň, sport we beden terbiýesi bilen ynsan saglygyna peýdasy barada durlup geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylara ýokarda agazlan temalar boýunça gözükdirmeler we kitapçalar paýlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: