«Kökçi» hojalyk jemgyýeti şu ýylyň dowamynda 2 müňden gowrak akkumulýatory Owganystana eksport etdi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
2019-njy ýylda kärhanada 40 müňden gowrak akkumulýator öndürildi. Hojalyk jemgyýetiniň önümleri «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» haryt nyşanlary bilen çykarylýar. Olar ýeňil awtoulaglara-da, ýokary kuwwatly ýük ulaglaryna-da niýetlenendir. Olaryň kuwwaty 60 amperden 190 ampere çenli ýetýär.
Hojalyk jemgyýeti önümçilik üçin zerur bolan çig maly ulanyşdan galan akkumulýatorlary gaýtadan işlemek arkaly alýar.
2016-njy ýylda esaslandyrylan kärhanada 80 hünärmen zähmet çekýär. Akkumulýator önümçiliginde Türkiýede we Ýaponiýada öndürilen enjamlardan peýdalanylýar.