TÜRKMENISTAN HABARLARY

Gülbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýeleriniň atlary belli boldy

2020-nji ýylyň jemi boýunça Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan okuwda, döredijilikde, sportda we beýleki ugurlarda tapawutlanan ýaşlaryň birnäçesine Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşuryldy. Olaryň arasynda Lebap welaýatynyň okuwçylary hem bar. Ine, olaryň atlary:


Nurana Akmuradowa, Lebap welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň 4-nji synp okuwçysy.
Madina Saidowa, Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy.
Selbiniýaz Jumaniýazowa, Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatyň 9-njy synp okuwçysy.
Kerem Çaryýew, Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy.
Selim Babajanow, Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy.
Aýlar Semenderowa, Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy.
Selbi Babalyýewa, Saýat etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply