Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň baş gymmatlygydyr, baýlygydyr» atly wagtlaýyn sergi açyldy. Welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde sergi 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagyna bagyşlandy.
Sergide ýylyň nyşany, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, haly önümleri, dutar, gyjak, deprek ýaly milli saz gurallary ýerleşdirilipdir. Şeýle-de, muzeýe gelenler sergide keramika, mis küýzeleri we arheologiýa tapyndylary bilen hem tanşyp bilerler.