LUKMANÇYLYK

Gowy uky sanjymyň netijeliligini ýokarlandyrýar

Ukynyň ýetmezçiligi sanjymyň netijeliligine täsir edip biler. Hususanda, uky bilen baglanyşykly meseleler immunitete zyýan ýetirip bilerler, diýip Seçenow adyndaky Birinji Moskwa Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uky lukmançylygy bölüminiň müdiri Mihail Poluektow ТАСС-a habar berdi.

Poliektowyň aýtmagyna görä, uky ýetmezçiliginiň infeksiýa ýokuşmak howpuny has güýçlendirýändigini barlaglar görkezipdir. «Bu uky bilen immunitetiň arasynda göni baglanyşygyň bardygyny aňladýar. Uky wagtynda immunitetiň berkemegi we dikelmegi bolup geçýär. Hususanda, imunitetiň aýry-aýry görkezijilerine täsir edýär. Mysal üçin, uky çäklendirilende, öýjük immunitetiniň döremegine gatnaşýan T-limfositleriň işlenip çykarylyşy bozulýar» diýip, ol belledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: